"Bu Russiýa'nyň nobatdaky dartgynlygy güýçlendirmesidir (eskalasiýasydyr) we Germaniýa'nyň muňa garşylyk bildirmegi möhümdir. Frederih Merz görülen çäreler barada maňa maglumat berdi. Öz tarapymdan bolsa, Germaniýa zerur bolan ugurlarda Ukraina'nyň bilermenlik, tejribe ýa-da beýleki pudaklarda kömek bermäge taýýardygyny oňa bildirdim"
— diýip, Zelenskiý Germaniýa'nyň kansleri Merz bilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soň mälim etdi. Olar Leýpsigdäki howa menziline guralan rus hüjüminiň jikme-jiklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ukrain lideri häzirki wagtda toparlaryň "Drone Deal" ylalaşygynyň tekstini gutarnykly taýýarlaýandyklaryny hem sözüniň üstüne goşdy. Mundan başga-da, ýakyn hepdelerde Berlinden täze howa goranyş ulgamlarynyň ugradylmagyna garaşylýar.












